Owganystanda kamikaze hüjümi guraldy
Hüjümde Baş prokuraturanyň bir işgäri ýogaldy
Owganystanyň paýtagt Kabulda Baş prokuraturada işleýän adamlary daşaýan ulaga guralan kamikaze hüjüminde 1 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy.
Kabulyň Polisiýa bölüminiň başlygy Abdul Rahman Rahimi Darul Aman etrapçasynda guralan hüjümde ýogalanyň Baş prokuraturada işländigini mälim etdi.
Rahimi hassahana bejeriş astyna alynan ýaralylaryň käbirleriniň ýagdaýlarynyň agyrdygyny habar berdi.
Partlama sebäpli töwerekdäki käbir iş ýerlerine we öýlere zeper ýetdi,
Hüjümiň jogapkärçiligini Talibanly başbozarlar öz üstüne aldy.
Beýleki tarapdan NATO-nyň uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde 12 başbozar öldürildi.
Degişli Habarlar
Liwanda Ýogalanlaryň Sany 558 Adama Ýetdi
Liwanyň Bilim ministrligi, ýurtda mekdeplarde okuwa arakesme berlendigini habar berdi
Eýranda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany 49 Adama Ýetdi
Günorta Horasan welaýatynyň Tebes etrabynda kömür käninde 21-nji sentýabr gijesi partlama bolupdy.