Ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 6 müň 200 adamdan geçdi

Ýer titremesinden soň gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

258185
Ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 6 müň 200 adamdan geçdi

Nepalda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 6 müň 200 adamdan geçdi.
Ýer titremesinde 14 müňe golaý adam hem ýaralandy.
Nepalda bolan 7,8 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Gözleg we halas ediş işlerine 20-den gowrak ýurtdan gelen toparlar hem gatnaşýar.
Ýer titremesinden birnäçe sagat soň paýtagt Katmanduda bir binanyň harabalygyndan 25 ýaşyndaky ýetginjek sag aman halas edildi.
BMG-nyň görkezijilerine görä ýer titremesinde 600 müň ýaşaýyş jaýy ýykyldy.
Geçen hepde şenbe bolan ýer titremesinden bäri halk köçelerde ýada düşelgelerde ýaşaýar.
Başdan geçirlen betbagtçylykdan soň sebite BMG-na agza ýurtlar tarapyndan 22 million dollarlyk ynsanperwer kömegi berildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar