Klinton ABŞ-nyň ilkinji zenan prezidenti bolarmyka?

Hillari Klinton prezidentlige dalaşgär

234492
Klinton ABŞ-nyň ilkinji zenan prezidenti bolarmyka?

ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Hillari Klinton geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgardigini resmi taýdan yglan etdi.
Prezident ýaryşyna ikinji gezek gatnaşjak Klinton dalaşgärligini internet arkaly ýörite wideo ýazgy bilen yglan etdi.
Klinton wideoda ykdysady deňsizligiň ortadan aýryljakdygy barada ýüzlenme berdi.
Ýüzlenmesinde maşgalanyň ähmiýetine ünsi çeken Klinton “Maşgalalar güýçli bolsa Amerika hem güýçli bolar. Siziň sesiňizi almak üçin ýollara çykaryn. Sizden goldawa garaşýaryn” diýip belledi.
Hillari Klinton 2008-nji ýylda Demokrat partiýadan prezidentlige dalaşgärlige hödürlenipdi emma alynky saýlawlarda bäsdeşi Barak Obamadan ýeňilipdi.
Klintonyň bu gezek alynky saýlawlarda üstünlik gazanmagyna garaşylýar.
Geçirlen soňky sowalnama görä, amerikalylaryň 48 göterimi Hillari Klintona goldaw berýär.
Klinton saýlanan halatynda ABŞ-nyň ilkinji zenan prezidenti bolar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar