Amerikaly senatorlaryň Russiýa garşy tagallasy

ABŞ, Dünýä kubogynyň guramaçylygynyň Russiýadan alynmagy üçin işe girişdi

222914
Amerikaly senatorlaryň Russiýa garşy tagallasy

Demokrat we Respublikan partiýadan 13 senatordan ybarat bolan topar Russiýanyň Ukraina bilen dowam edýän dartgynlygy we Krymy anneksirlemegini sebäp görkezip, Dünýä kubogynyň 2018-nji ýyldaky oýunlarynyň Russiýada geçirilmezligi üçin ýazmaça ýüz tutdy.
Senatyň Daşary gatnaşyklar toparynyň agzasy Robert Menendiz we Daşary gatnaşyklar paneliniň Ýewropa toparynyň başlygy Ron Jonsonyň degişli bolmagyndaky senatorlar FİFA-nyň başlygy Sepp Blattere ýüzlenip ýazan hatynda gysgaça: “Russiýanyň Dünýä kubogyny guramagyna rugsat bermek, ýazgarylmaga mynasyp Putiniň abraýyny ýerliksiz artdyrar we halkara jemgyýetçiliginiň esasy bölegi tarapyndan ykdysady çäklendirmelere sezewar edilen ýurduň maddy taýdan rahatlanmagyna şert döreder” diýilýär.
2018-nji ýyldaky Dünýä kubogynyň ýer eýeçiligi geçirilen sese goýulşykda Russiýa üstün çykypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar