Terror guramasy DAİŞ Yrakda we Siriýada hüjümlerini dowam etdirýär

Terrorçylar Siriýanyň Hama şäherinde 8 adamy öldürdi

287880
Terror guramasy DAİŞ Yrakda we Siriýada hüjümlerini dowam etdirýär

Yragyn Tikrit şäherinde bolsa çaknyşyklar barha möwjeýär.
Şäherde Yragyn howpsyzlyk güýçleriniň 2-nji martda başladan operasiýasyna geçen hepde Amerikan hökümetiniň öňbaşçylyk etmegindäki halkara hyzmatdaşlygy hem howa operasiýasy bilen goldaw bermäge başlady.
Etrapda 4 günüň dowamynda 17 howpsyzlyk gullukçysy öldürildi, 100-e golaý adam ýaralandy.
DAİŞ-iň terrorçylarynyň Dujeýl şäherinde ýerleşýän harby baza düýn guran hüjüminde-de 6 adam ýogaldy, 14 adam ýaralandy.
Düýn Bagdatda guralan 3 hüjümde bolsa asuda ilatda 7 adam, Tarmiýah şäherinde harby ulag kerwenine guralan hüjümde-de 1 esger ýogaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar