ABŞ howa operasiýasy bilen ýakyndan gyzyklanýar

Resmi Waşington operasiýanyň belli bir möhletde geçirilmegini isleýär

285089
ABŞ howa operasiýasy bilen ýakyndan gyzyklanýar

ABŞ Saud Arabystanynyň öňbaçylyk etmeginde Ýemende Husilere garşy başladylan howa operasiýasy bilen ýakyndan gyzyklanýar.
Resmi Waşington operasiýanyň belli bir möhletde geçirilmegini isleýär.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçilerinden Rathke Saud Arabystany we Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza beýleki ýurtlar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamaga dowam etjekdiklerini mälim etdi.
Amerikanyň Husiler bilen geçmişde gepleşik geçirendigi hakyndaky habarlary tassyklan Rathke häzirki pursatda göniden aragatnaşygyň kesilendigini belledi.
Rathke Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmegindäki operasiýanyň Ýemeniň legal Prezidenti Abdurabbu Mansur Hadiniň islegi sebäpli başladylandygyny ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar