Nigerýa gury ýer we deňiz serhetlerini ýapar

Saýlawyň asuda ýagdaýda geçmegi üçin şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy

282561
Nigerýa gury ýer we deňiz serhetlerini ýapar

Umumy saýlawlara taýarlanýan Nigerýa gury ýer we deňiz serhetlerini ýapmak barada karar kabul etdi.
Nigerýanyň İçeri işler ministrligi Prezident Goodluk Jonatanyň gury ýer we deňiz serhetleriniň ertirden başlap ýapylmagy barada karar kabul edendigini habar berdi.
Beýanatda saýlawyň asuda ýagdaýda geçmegi we Nigerýanyň raýaty bolmadyklaryň saýlawa gatnaşmaklarynyň öňüni almak üçin şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy.
Saýlawda 14 dalaşgär bäsleşer.
Saýlawyň häzirki Prezident Jonatan bilen Muhammadu Buhariniň arasynda çekeleşikli ýagdaýda geçmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar