Ýangyn 60 ýyldan bäri duşman bolan doganlary barlyşdyrdy

Günorta Koreýaly ýangyn söndürijiler Demirgazyk Koreýadaky ýangynyň söndürilmegine goldaw berdi

278095
Ýangyn 60 ýyldan bäri duşman bolan doganlary barlyşdyrdy

Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky esgerden saplanan sebitde bolan ýangyny iki ýurt birlikde söndürdi.
Demirgazyk Koreýanyň serhetýaka howpsyzlyk gullugynyň golaýynda başlan ýangyn güýçli şemal sebäpli Günorta Koreýa çenli baryp ýetdi.
Ýangyna garşy 62 ýyldan bäri söweşýän iki döwlet birlikde göreşmäge mejbur boldy.
Günorta Koreýaly ýangyn söndürijiler Demirgazyk Koreýadaky ýangynyň söndürilmegine goldaw berdi.
Ýangynyň näme sebäpli bolandygy doly bilinmeýär.
Ýangynda ölen ýada ýaralanan bolmady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar