Rasisit polisiýa garşy protest

ABŞ-da rasisit polisiýa işgärine garşy protestler dowam edýär

257095
Rasisit polisiýa garşy protest

Amerikanyň Wiskonsin ştatynda negr oglany Tony Robinsonyň mundan 4 gün ozal polisiýa işgäri tarapyndan atlylyp öldürilmegine garşy adamlaryň närazylyklary dowam edýär.

Wiskonsiniň paýtagty Medisonda aglabasy talyplardan ybarat müňlerçe adam ştatyň mejlisiniň öňünde ýygnandy.

Adamlaryň käbiri mejlisiň içine girip wekillerden jenaýaty eden polisiýa işgäriniň tussag edilmegini islediler.

Talyplar we okuwçylar, bolan waka närazylyklaryny bildirmek üçin derse girmediler.

Robinsonyň aradan çykmagy sebäpli ýurduň başga ýerlerinde hem ýörişler geçirildi.

Sietl ştatyndaky protestlerde 1 talyp tussag edildi.

Ýurtda mundan ozal Nýu-Ýork şäherinde Mişel Brown Missuride, Erik Garner ýaly garaýagyzlaryň öldürilmegi sebäpli ýurduň aglaba ýerinde protes ýörişler geçirilipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar