ABŞ bilen Wenesuellanyň arasyndaky dartgynlyk möwjeýär

Soňky gezek Wenesuellany milli howpsyzlygyna wehim hökmünde yglan eden resmi Waşington, Wenesuellanyň ýokary derejeli ýedi ýolbaşçysyna sanksiýa goýmak barada karar kabul etdi

256727
ABŞ bilen Wenesuellanyň arasyndaky dartgynlyk möwjeýär

Adam hukuklaryny basgylandyklary sebäpli kabul edilen karar bilen şol adamlaryň ABŞ-na gelmekleri we Amerikan firmalary bilen işleşmekleri çäklendirilýär.
Wenesuellanyň Prezidenti Nikola Maduro şol sanksiýalary hökümeti agdardarmaga synanşyk hökmünde häsýetlendirdi.
Nikola Maduro sanksiýa goýulan 7 ýolbaşçydan biri bolan milli howpsyzlyk gullugynyň başlygyny içeri işler ministrligine belledi.
Maduro aýyň başynda bolsa resmi Waşingtonyň “ýurdunyň içeri işlerine goşulyşmagy” sebäpli Wenesuella geljek Amerikan raýatlaryndan wiza soraljakdygyny we käbir syýasatçylaryň ýurda gelmeginiň gadagan ediljekdigini aýdypdy.
Wenesuella gelmegi gadagan edilenleriň hatarynda ABŞ-nyň 43-nji Prezidenti Jorj Buş, ozalky Wise-prezident Dik Çeýni, Senatyň Daşary gatnaşyklar toparynyň ozalky başlygy Bob Monendez we Florida ştatynyň mejlisiniň ozalky başlygy Marko Rubio hem bar.
İki ýurt 2010-njy ýylda iki taraply görnüşde ilçilerini yzyna çagyrypdy.
ABŞ-nyň Merkezi razwedka gullugynyň habarnamalaryna görä Wenesuella dünýäniň nebit taýdan kesgitlenen iň baý ätiýajyna eýe ýurt.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar