Ukraina esgerleriniň sanyny 250 müňe çykarar

Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň sany soňky gezek 2012-nji ýylda 184 müňe çykarlypdy

250915
Ukraina esgerleriniň sanyny 250 müňe çykarar

Ukrainanyň Parlamenti ýaragly güýçleriniň sanynyň 250 müňe çykarylmagy baradaky kanun taslamasyny kabul etdi.
Sese goýulşykda 270 halk deputaty Prezident Poroşenko tarapyndan teklip edilen taslama üçin “kabul” sesini berdi.
Kabul edilen taslama laýyklykda ýaragly güýçleriniň sany 35 göterip artdyrlyp 250 müňe çykarlar.
Sese goýulşykdan öň parlamentde çykyş eden Goranmak ministriniň orunbasary Petr Mehed ýurduň gündogarynda terrorçylara garşy göreşiň çäginde guralýan operasiýalardan soň ýurduň harby we syýasy ýagdaýyna görä esgerleriň sanynyň azaldylyp bilinjekdigini nygtady.
Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň sany soňky gezek 2012-nji ýylda 184 müňe çykarlypdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar