Nusra frontunyň serkerdebaşysy öldürildi

Terror guramasynyň serkerdebaşysy Ebu Humam aş-Şama öldürildi

250826
Nusra frontunyň serkerdebaşysy öldürildi

Siriýada terror guramasy Nusra frontynyň serkerdebaşysy Ebu Humam aş-Şama öldürildi

Siriýanyň adam hukuklary guramasynyň beren ýazmaça beýanatynda Nusra frontynyň serkerdebaşysy aş-Şami we onuň birnäçe egindeşi Idlib şäheriniň demirgazyk-günbatarynda  maslahat geçirýän ýerinde hüjüme sezewar bolandygyny habar berdi.

Beýanatda hüjümiň  kim tarapyndan guralandygynyň bilinmeýändigi nygtaldy

Beýanatda "hüjüm Asada tabynlykdaky güýçler ýada hyzmatdaş ýurtlar tarapyndan guralan bolup biler"diýildi

Hüjümden soň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň wekili beýanat berdi.

Beýanatda hyzmatdaş güçleri tarapyndan soňky 24 sagadyň dowamynda Idlib şäherine hüjüm guralmandygy bellenildi


Etiketkalar:

Degişli Habarlar