Netanýahunyň jedelleşikli Amerika sapary başlaýar

Obama Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu bilen duşuşmagy kabul etmedi

243259
Netanýahunyň jedelleşikli Amerika sapary başlaýar

Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň jedelleşikli Amerika sapary başlaýar.
Ysraýylda geçiriljek saýlawlara iki hepde galanda Ak Tamyň görkezen garşylygyna garamazdan sapar amala aşyrlar.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama “daşary ýurtda geçirilýän saýlawlara täsirini ýetirýär” diýlen garaýyşlardan çetde durmak üçin Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu bilen duşuşmagy kabul etmedi.
Emma muňa garamazdan Benýamin Netanýahu sişenbe güni Amerikan kongresinde çykyş eder.
Netanýahunyň Kongresde etjek çykyşynda kongresiň agzalaryndan Eýran bilen ýadro şertnamasynyň baglaşylmazlygyny we Eýrana täze çäklendirmeleriň goýulmagyny islejekdigi öňe sürülýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar