Baýdyn Poroşenko we Ýatsenýuk bilen söhbetdeşlik geçirdi

Baýdyn Debaltsewo şäherinde çaknyşyklaryny dowam etdirýän Russiýanyň tarapdarlaryny günäkärledi

226190
Baýdyn Poroşenko we Ýatsenýuk bilen söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdyn Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko we Premýer ministri Arseniý Ýatsenýuk bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Baýdyn telefon söhbetdeşliklerinde ýurduň gündogarynda hüjümleriň bes edilmegi barada gazanylan ylalaşyga garamazdan Debaltsewo şäherinde çaknyşyklaryny dowam etdirýän Russiýanyň tarapdarlaryny günäkärledi.
Baýdyn Ukrainanyň garaşsyzlygy we territorial bitewiligi üçin baglaşylan 3 Minsk şertnamasynyň basgylanandygynyň subutnamasy bolan şäherdäki hüjümleriň Ukrainadaky rus esgerleriniň hem goldaw berýändiginiň görkezijisidini belledi.
Telefon söhbetdeşliklerinde mundan başgada hüjümleriň bes edilmeginiň we agyr ýaraglaryň çekilmeginiň berk gözekçilik astyna alynmagy meselesi seljerildi.
Ukrainada taraplaryň arasynda ýekşenbe gününden başlap hüjümleriň bes edilmegi barada ylalaşyk gazanylandygyna garamazdan Russiýanyň tarapdarlary tarapyndan guralýan hüjümler dowam edýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar