YSYS terror guramasy 120 adamy zamun aldy

"YSYS-yň zamun alynanlary öldürmegine alada bildirilýär"

220738
 YSYS terror guramasy 120 adamy zamun aldy

YSYS terror guramasy Yragyň paýtagty Bagdadyň 160 kilometr demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Salahaddin şäheriniň Tikrit etrabynda asuda ilatdan 120 adamy zamun aldy.
Welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Merwan Naji “YSYS terror guramasy Tikrit etrabynyň Rubeýda obasynda Al Abid we Al Meşare taýpalaryndan 120 ýetginjegi zamun aldy” diýip belledi.
Howpsyzlyk güýçlerine “zamun alynan ýetginjekleriň halas edilmegi üçin gyssagly operasiýa guramaklary barada çagyryş berendiklerini” aýdan Naji, YSYS-yň zamun alynanlary öldürmegine alada bildirýändiklerini nygtady.

 

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar