Russiýa goýan sanksiýalarymyzy bes edip bileris

Kerri taraplaryň jogapkärçilikli hereket etmelidigini belledi

218160
Russiýa goýan sanksiýalarymyzy bes edip bileris

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Russiýa Ukraina bilen gazanylan ylalaşyga we sentýabr aýynda baglaşylan Minsk şertnamasyna laýyk hereket eden halatynda Russiýa goýlan sanksiýalary bes edip biljekdiklerini aýtdy.
Jon Kerri mesele barasynda beren ýazmaça beýanatynda parahatçylygyň we Ukrainanyň garaşsyzlygynyň ýola goýulmagy üçin taraplaryň jogapkärçilikli hereket etmelidigini belledi.
Ukraina bilen Halkara pul gaznasynyň maliýe kömegi meselesinde ylalaşyk gazanmagyndan hoşaldyklaryny aýdan Kerri ylalaşygyň çäginde Ukraina17,5 milliard dollarlyk maliýe kömeginiň beriljekdigini ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar