Fransuz esgerleri Malide oppozisionerler bilen çaknyşdy

Çaknyşykda 12 adam ýogaldy

207550
Fransuz esgerleri  Malide oppozisionerler bilen çaknyşdy

Malide iş alyp barýan fransuz esgerleri oppozisionerler bilen çaknyşdy.
Çaknyşykda 12 adam ýogaldy.
Ýurduň demirgazygynda bolan çaknyşykda fransuz esgerlerinden ölen ýada ýaralanan bolmady.
Fransiýanyň Malide 1400-e golaý esgeri bar.
Malide başdan geçirilýän wakalar oppozision toparlaryň demirgazykdaky Kidal, Timbuktu we Gao şäherleriniň gözegçiligini ele geçirmeginden soň Bamakodaky wagtlaýyn hökümetiň Fransiýadan kömek soramagy sebäpli başlady
Malide harby operasiýa guraýan fransuz esgerleri ýurduň demirgazygyndaky şäherleriň gözegçiligini ele geçirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar