ABŞ bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklar güýçlenýär

Obama Hindistanda saparda boldy

197150
ABŞ bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklar güýçlenýär

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama iki ýurduň arasynda 6 ýyldan bäri çözülip bilinmeýän ýadro pakt bilen baglanşykly düşnüşmezligiň çözülendigini aýtdy.
Barak Obama Täze Delide Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi bilen duşuşdy.
İki lider duşuşykdan soň harby maksatly bolmadyk ýadro hyzmatdaşlygy barada taryhy şertnama gol çekişdi.
Obama Narendra Mody bilen iki ýurduň arasynda goranyş we howpsyzlyk taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi barada karar kabul edendiklerini belledi.
Hindistanyň Premýer ministri Modi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwrüň başlandygyny nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar