Russiýa Ukraina ynsanperwer kömegini ugratdy

120 konteýnerlik kerwende azyk önümleriniň başda durmagynda 1400 tonnalyk ýük bar

173644
Russiýa Ukraina ynsanperwer kömegini ugratdy

Russiýa Ukraina ynsanperwer kömegini ugratdy.
Russiýa Ukrainanyň gündogarynda ýaşaýanlar üçin ynsanperwer kömegini ugratdy.
Russiýanyň Gyssagly ýagdaýlar ministrligi tarapyndan berlen beýanata görä, Ukrainanyň gündogarynda ýaşaýanlar üçin ugradylan ynsanperwer kömek kerweni 8-nji ýanwarda Lugansk we Donetsk şäherlerine barar.
120 konteýnerlik kerwende azyk önümleriniň başda durmagynda 1400 tonnalyk ýük bar.
Russiýa ozal hem şol sebite 10 gezek ynsanperwer kömek kerwenini ugradypdy.
Häzire çenli Ukrainanyň gündogaryna jemi 13 müň tonnalyk ynsanperwer kömeginiň ugradylandygy habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar