Gresiýa üçünji tapgyrda hem prezidentini saýlap bilmedi

Stawros Dimas diňe 168 ses aldy

164624
Gresiýa üçünji tapgyrda hem prezidentini saýlap bilmedi

Gresiýa üçünji tapgyrda hem prezidentini saýlap bilmedi.
Şäriklik hökümetiniň agzalary Täze demokrat we PASOK partiýalary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Stawros Dimas saýlawyň ýeke-täk dalaşgari bolandygyna garamazdan parlamentde esasy köplüge eýe bolup bilmedi.
Gresiýanyň Premýer ministri Antonis Samarasyň “prezidenti saýlap bilmesek milli howpa sezewar bolup bileris” diýen duýduryşyna garamazdan Dimas diňe 168 ses aldy.
Kanunlara laýyklykda Stawros Dimas Gresiýanyň prezidenti hökmünde saýlanmagy üçin 180 ses almaly.
Konstitutsiýa laýyklykda 10 güniň içinde parlamentiň işi bes edilmeli we ýurtda iň giç fewral aýynda irki saýlaw geçirilmeli.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar