Katar bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýar

Katarly topar Müsüriň Prezidenti bilen duşuşdy

156105
Katar bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýar

Katar bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýar.
Katar Müsür bilen bozulan gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin ilkinji ädimi ätdi.
Katarly topar Müsüriň Prezidenti bilen duşuşdy.
İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Müsürdäki agdarlyşyk sebäpli bozulypdy.
Saud Arabystanynyň Şasy Abdullah Ben Abdulaziz iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň gowşamagy üçin işe girişdi.
Şol çäkde Katarynyň Emiriniň ýörite wekili Müsüriň Prezidenti Sisi bilen duşuşdy.
Duşuşykda iki ýurduň arasynda düşnüşmezlige sebäp bolan meseleleriň seljerlendigi nygtaldy.
Katarynyň Emiriniň ýörite wekili iki taraply saparlaryň dowam etjekdigini aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar