"Eýran däl eýsem ABŞ ýitgi çeker"

Hamaneý ýadro gepleşiklerinde Tähranyň däl eýsem ABŞ-nyň çözgüde mätäçdigini belledi

208349
"Eýran däl eýsem ABŞ ýitgi çeker"

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý ýadro gepleşiklerinde Tähranyň däl eýsem ABŞ-nyň çözgüde mätäçdigini belledi.
Ali Hamaneý Eýranyň Meýletin howpsyzlyk güýçleriniň döredilen güni mynasibetli geçirlen dabara gatnaşdy.
“ABŞ-nyň ynamyna eýe bolmak ýaly mätäçligimiz ýok” diýen Hamaneý “Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy we Germaniýanyň arasynda geçirlen ýadro gepleşikleriniň netijesiz bolandygyna garamazdan Eýranyň ýitgi çekmejekdigini belledi.
Hamaneý “Geçirlen soňky saýlawlarda üstünlik gazanyp bilmezliği we Ferguson şäherinde başdan geçirilýän wakalar ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamany çykgynsyz ýagdaýa getirdi. Şol sebäpli hem ýadro gepleşiklerinde Obama ylalaşyk gazanylmagyna mätäçdir. Ýadro gepleşiklerinde ylalaşyk gaznylman halatynda bizin üçün kyýamat gopmaz, emma ABŞ-na zeper ýetirer”diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar