Ukrainada çaknyşyklaryń ýańadandan başlamagyna alada bildirilýär

Ukrainanyń ýaragly güýçleri ýurduń gündogaryna goşmaça harby topar ugratdy

189541
Ukrainada çaknyşyklaryń ýańadandan başlamagyna alada bildirilýär

Ukrainanyń gündogarynda çaknyşyklaryń ýańadandan başlamagyna alada bildirilýär.
Adatdan daşary ýagdaýa geçen Ukrainanyń ýaragly güýçleri ýurduń gündogaryna goşmaça harby topar ugratdy.
Russiýanyń tarapdarlarynyń gözegçiligi astyndaky Donetsk şäherinde çaknyşyklaryń depgini güýçlendi.
Hökümetiń gözegçiligi astyndaky howa menziline hüjüm guraldy.
Çaknyşyklarda Ukrainaly 4 esger ýogaldy, 18 esger ýaralandy.
Ukrainanyń Goranyş geńeşiniń metbugat geńeşçisi Andriý Lysenko ylalaşygy bozmak ýaly niýetleriniń ýokdygyny emma Russiýanyń tarapdarlarynyń guraýan hüjümleriniń dowam edýändigini aýtdy.
Russiýanyń Daşary işler ministrligi hem Ukrainanyń gündogarynda çaknyşyklaryń ýańadandan başlamazlygy üçin tagalla edýändiklerini habar berdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar