YSYS terror guramasyna garşy guralýan hüjümler dowam edýär

Asada tabynlykdaky güýçler barrel bombasy bilen Halap şäherini bombalady

185519
YSYS terror guramasyna garşy guralýan hüjümler dowam edýär

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri tarapyndan Yrakda we Siriýada YSYS terror guramasyna garşy guralýan hüjümler dowam edýär.
Soňky hüjümlerde Siriýanyň gündogarynda ýerleşýän Deýruz Zor şäherindäki nebit käni bilen terror guramasyna degişli ýerler nyşana alyndy.
Asada tabynlykdaky güýçler hem Siriýanyň demirgazygynda we günbatarynda oppozisionerlere garşy hüjüm guraýar.
Asada tabynlykdaky güýçler barrel bombasy bilen Halap şäherini bombalady.
Hüjümler sebäpli şäher ýer bilen ýegsan edildi.
Oppozisionerler hem agyr ýaraglar bilen hökümete degişli binalary bombalady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar