ABŞ Yraga goşmaça esger ugradar

Obama Yraga goşmaça 1500 esgeriň ugradylmagy üçin Pentagona ygtyýar berdi

185515
ABŞ Yraga goşmaça esger ugradar

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Yraga goşmaça 1500 esgeriň ugradylmagy üçin Pentagona ygtyýar berdi.
Pentagon tarapyndan berlen beýanatda Obamanyň Yraga goşmaça esger ugradylmagy üçin Goranmak ministri Heýgele ygtyýar berendigi nygtaldy.
Ady agzalýan esgerler kürt toparlaryna we Yragyň howpsyzlyk güýçlerine harby taýdan tälim berer.
Beýleki tarapdan paýtagt Bagdadyň we Erbil şäheriniň golaýynda Yraklylara harby taýdan goldaw bermek üçin iki sany merkez açylar.
Hyzmatdaş güýçleri hem Amerikaly esgerler bilen birlikde Yrakly esgerlere goldaw berer.
Ak Tam hem bujet komissiýasynda Senatdan deňizaşa operasiýalar üçin 5,6 milliard dollar talap eder.
Ady agzalýan bujetiň 1,6 milliard dollarlyk bölegi Yragyň ýaragly güýçlerine harby taýdan tälim berilmegi we ýaraglandyrylmagy üçin ulanylar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar