Musulman ýaşlar Stambulda duşuşdy

“Dünýäni ýaşlar üýtgeder”

153981
Musulman ýaşlar Stambulda duşuşdy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyń çäginde geçirlen Ýaşlar forumy öz işini tamamlady.
45 ýurduń gatnaşmagynda geçirlen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyń 2-nji Ýaşlar forumynda Stambul yslam ýurtlarynyń paýtagtlygyna saýlandy.
Forumyń ýapylyş dabarasyna Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç hem gatnaşdy.
Ministr Kylyç eden ýapylyş çykyşynda “Dünýäni ýaşlar üýtgeder” diýdi.
Foruma Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyń Baş sekretary İýad Amin Al Madani hem gatnaşdy.
Madaniniń gün tertibinde bolsa Yslam dünýäsinde we esasan hem Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän wakalar esasy orun eýeledi
Forum musulman ýaşlaryń bähbitlerini goramagy maksat edinýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar