ABŞ bilen Britaniýa "ara zolak" barada beýanat berdi

Ak Tam Türkiýäniň ara zolagyň döredilmegi baradaky teklibiniň häzirlikçe gün tertibinde bolmandygyny habar berdi

151692
ABŞ bilen Britaniýa "ara zolak" barada beýanat berdi

Siriýada başdan geçirilýän wakalar dünýäniň gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam edýär.
ABŞ bilen Britaniýa “ara zolak” barada beýanat berdi.
Ak Tam Türkiýäniň ara zolagyň döredilmegi baradaky teklibiniň häzirlikçe gün tertibinde bolmandygyny habar berdi.
Amerikanyň Goranmak ministrligi Pentagon hem teklibiň harby alternatiw hökmünde gün tertibine alynmandygyny beýan etdi.
Türkiýäniň Siriýa serhedinde ara zolagyň döredilmegi barada beren teklibi barada ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen Britaniýanyň Daşary işler ministri Philip Hemmond hem beýanat berdi.
Jon Kerri Türkiýäniň teklibi barada “seljerilmeli teklip” diýdi.
Britaniýanyň Daşary işler ministri hem “Ara zolak hökmünde nämeleriň göz öňünde tutulýandygy we nähili ýagdaýda boljakdygy barada beýleki hyzmatdaşlar bilen pikir alyşmak gerek. Elbetde bu teklibe üns berýärin” diýdi.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollan bolsa Türkiýäniň Siriýa serhedinde ara zolagyň döredilmegi baradaky teklibine goldaw berýändigini beýan edipdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar