Ukrainadaky dartgynlyk Ýewropany aladalandyrýar…

Ýewropa ýurtlary gyş paslynyň golaýlamagy bilen birlikde Russiýadan alynýan tebigy gazyň akymyna howp abanmagyna alada bildirýär

135882
Ukrainadaky dartgynlyk Ýewropany aladalandyrýar…

Ýewropa ýurtlary ýarysyndan gowragy Ukrainanyň üstaşyr gelýän tebigy gaz importy meselesinde Russiýa bolan garaşlylygyny azaltmak üçin tagallalarynyň depginini güýçlendirdi.

Tebigy gaz känlerine baý bolan ýurtlaryň başynda durýan Katar şol garaşlylygyň azalmagy taýdan güýçli alternatiw hökmünde görülýär.
Ýurduň energetika ministri Muhammed Al Sada mesele barada beren beýanatynda, Kataryň alternatiw energiýa üpjün ediji bolmak barada meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdy.
Beýleki tarapdan Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel hem gyşyň bosagada durandygyny we tebigy gaz meselesiniň gysga möhletde çözülmelidigini aýtdy.
Merkel şol maksat bilen anna güni Russiýanyň we Ukrainanyň energetika ministrlerini Berlinde duşuşjakdygyny mälim etdi.
Russiýanyň esasy firmalary we dünýäniň iň köp tebigy gaz çykarýan kärhanasy hasaplanylýan Gazprom hem mesele barada beýanat çap etdi.
Baş müdir Aleksandr Medwedew şu ýyl Russiýadan Ýewropa tebigy gaz eksportynyň geçen ýyldakydan has gymmat bolmajakdygyny aýtdy.
Medwedew käbir Ýewropa ýurtlarynyň firmanyň gazyň akdyrylmagyny çäklendirendigini baradaky habarlary barasynda bolsa, “Onuň jogapkäri ätiýaçlaryndan pes mukdarda gaz akdyrýan Ukraina” diýdi.
Beýleki tarapdan iýun aýynda tebigy gaz akdyrmagy birnäçe wagt bes eden Russiýa, Ukraina meselesi sebäpli tebigy gaz üpjünçiliginiň azalyp biljekdigi barada abaý-syýasatyny dowam etdirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar