Eýranyň wekiliýeti ýadro gepleşikleri üçin ABŞ-na gitdi

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif we bileligindäki wekiliýet 5+1 ýurtlary bilen ýadro gepleşikleri üçin ABŞ-na gitdi

127575
Eýranyň wekiliýeti ýadro gepleşikleri üçin ABŞ-na gitdi

Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA-nyň” habar bermegine görä ýadry gepleşikleri ertir Zarifiň we ÝB-niň Daşary syýasat boýunça ýokary wekili Ketrin Eştonyň bilelikdäki günorta nahary bilen başlar.
Wekiliýetler nahardan son we penşenbe güni özara gepleşikler geçirer.
Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik 5 agzasynyň we Germaniýanyň wekilleriniň arasynda geçen ýyl geçirilen gepleşiklerde halkara sanksiýalarynyň azaldylmagynyň öwezinde resmi Tähranyň ýadro maksatnamasyny çäklendirmegi göz öňünde tutulypdy. Taraplaryň 2013-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Ženewada gazanan wagtlaýyn ylalaşygy bilen sanksiýalaryň ýeňilleşdirilipdi we giňgerimli ylalaşygyň 20-nji iýula çenli gazanylmagy göz öňünde tutulypdy. Emma birnäçe gezek duşuşan taraplar wagtlaýyn ylalaşygyň 24-nji noýabra çenli uzaldylmagy barada netijä gelipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar