Kerri YDYD guramasyna garşy goldaw saparlaryny dowam etdirýär

Jon Kerri Müsürden goldaw sorady

125704
Kerri YDYD guramasyna garşy goldaw saparlaryny dowam etdirýär

ABŞ-nyń Döwlet sekretary Jon Kerri YDYD guramasyna garşy göreş üçin goldaw saparlaryny dowam etdirýär.
Jon Kerri YDYD guramasyna garşy göreş üçin Müsürden goldaw sorady.
YDYD guramasyna garşy halkara hyzmatdaşlygynyń döredilmegi babatynda edilýän tagallalaryń çäginde Kaire baran Kerri agdarlyşykdan soń Müsüriń Prezidentligine saýlnanan Abdulteffah Al Sisi we Arap Ligasynyń Baş sekretary Nebil Al Araby bilen duşuşdy.
Duşuşykda Müsüriń YDYD guramasyna garşy göreşe goldaw bermegi meselesine garaldy, emma gelinen netije barasynda hiç hili beýanat berilmedi.
Jon Kerri saparynyń çäginde Müsüriń Daşary işler ministri Semih Şürki bilen hem duşuşdy.
Duşuşykdan soń Kerri bilen Şükri metbugata beýanat berdi.
Kerri YDYD guramasyna garşy göreşe 40 ýurduń goldaw berýändigini belledi.
Kerri Müsüriń YDYD guramasyna garşy göreşde esasy rol oýnap biljekdigini nygtady.
Müsüriń Daşary işler ministri Şükri hem YDYD guramasynyń beýleki terror guramalary bilen aragatnaşyk saklaýandygyny ýatlatdy we şol gurama garşy halkara derejesinde göreşiń alnyp barylmalydygyny belledi.
Şükri YDYD guramasyna garşy harby operasiýalara gatnaşmajakdyklaryny dińe logistiki taýdan goldaw berip biljekdiklerini aýtdy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar