Putin we Poroşenko Ukraina meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Petr Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berildi

116640
Putin we Poroşenko Ukraina meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitri Peskow tarapyndan berilen beýanatda Putin bilen Poroşenkonyň Ukrainanyň gündogaryndaky harby we ynsanperwer dargtgynlyk barada pikir alyşandyklaryny we meseläniň çözülmegi babatda iki lideriň garaşlaýynyň biri-birine gabat gelýändigini nygtady.
Peskow, iki lideriň çykgynsyzlyň çözülmegi üçin ilki bilen Ukrainanyn gündogaryndaky çaknyşyklaryň we adam pidalaryň öňüniň alynmagy barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
Putin we Poroşenko awgust aýynda Belarusyň paýtagty Minskde duşuşypdy. İki lideriň Ukrainadaky dartgynlygyň çözülmegi boýunça tapawutly garaýyşlara eýedigi, emma dartgynlygyň gowşadylmagy barada ylalaşandyklary habar berilipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar