ABŞ YDYD guramasyna garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär
Yrakda Mosul bendiniň golaýynda YDYD guramasyna degişli ýerlere 4 howa hüjümi guraldy
108686
ABŞ Yrak Damask Yslam Döwleti guramasyna garşy guraýan howa hüjümlerini dowam etdirýär.
ABŞ-nyň ýaragly güýçleri düýn hem Yrakda Mosul bendiniň golaýynda YDYD guramasyna degişli ýerlere 4 howa hüjümini gurady.
Mesele barasynda berlen beýanatda Amerika degişli harby uçarlar tarapyndan guralan hüjümlerde YDYD guramasyna degişli 7 ulagyň hatardan çykarlandygy nygtaldy.
ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň 8-nji awgustdan bäri Yrakda 110 howa hüjümini gurandygy ýatladyldy.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.