Adamzat üçin utançly rekord…

Bütin dünýa boýunça kömege mätäç adamlaryń sany 81 milliona ýetdi

106435
Adamzat üçin utançly rekord…

BMG-niń Bütindünýä ynsanperwer kömek güni mynasybetli taýarlan rekord habarnamasynda çaknyşyklardan soń esasan çagalaryń ejir çekýändigi, ynsanperwer kömek guramalarynyń işgärleri üçin bolsa howpyń artýandygy nygtalýar.
BMG 2003-nji ýylda Bagdatdaky ofisine guralan we guramanyń Yrak boýunça ýokary derejeli işgäri bilen birlikde 22 adamyń ýogalan hüjüminiń senesini Bütindünýä ynsanperwer kömek güni hökmünde yglan edipdi.
Bütindünýä ynsanperwer kömek güni mynasybetli çap edilen habarnama ynsanperwer kömegine mätäçlik duýýan adamlaryń sanynyń günsaýyn artýandygyny görkezýär.
Ynsanperwer kömegine mätäçleriń hatarynda 59 million çaga bar.
Yrak, Günorta Sudan bilen Siriýa we Merkezi Afrika Respublikasy ýagdaýyń iń agyr bolan ýurtlary.
Mätäçlere kömek etmek üçin 13 milliard ýewro serişdäniń gerekdigi nygtalyp, esasanda gaçalar üçin serişde gerekdigi bellenilýär.
91 ýurtda dowam edýän çaknyşyklar we ykdysady çökgünlikler sebäpli 1,5 milliarda golaý adam ýeter-ýetmez ýaşaýar.
Gaza sektoryndan Ukraina çenli dünýäniń çar tarapynda çykgynsyzlyklaryń syýasy we çylşyrymly bolmagy sebäpli kynçylyklar dowam edýär.
Dartgynlygyń dowam edýän ýurtlarynda iş alyp barýan ynsanperwer kömek guramalaryna guralýan hüjümleriń sany hem artýar.
Üstümizdäki ýylyń ortalaryna çenli ynsanperwer guramalarynda işleýän 79 adam ýogaldy.
Ynsanperwer kömek guramalarynyń işgärleri üçin iń howply ýurt Owganystan.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar