Russiýa bilen Müsüriń arasynda gatnaşyklar pugtalanýar

Wladimir Putin Müsürli kärdeşi Sisi bilen duşuşdy

88917
Russiýa bilen Müsüriń arasynda gatnaşyklar pugtalanýar


Russiýanyń Soçi şäherinde Müsürli kärdeşi Sisi bilen duşuşan Wladimir Putin Müsür bilen Gümrük bileleşiginiń arasynda erkin söwda sebitiniń döredilmegi hakynda pikir alyşandygyna ünsi çekdi.
Duşuşykda Gazanyń we Siriýanyń başda durmagynda halkara meseleleriń hem seljerlendigini nygtan Putin, Müsür bilen Russiýanyń arasynda harby we goranyş senagaty taýdan hyzmatdaşlyk edilmegi barada kararyń kabul edilendigini ýatlatdy.
Sisi bolsa Müsüriń Prezidenti hökmünde Arap ýurtlaryndan daşary ilkinji resmi saparyny Russiýa guramagynyń Moskwa bilen Kairiń arasyndaky gatnaşyklara nähili ähmiýet berýändikleriniń görkezijisidigini aýtdy we Putine çakylygy sebäpli öz minnetdarlygyny bildirdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar