Arap ýurtlary Gaza kömek berer

Saud Arabystany palestinalylara 53 million dollarlyk, Kuweýt bolsa 10 million dollarlyk ynsanperwer kömegini berdi

130051
Arap ýurtlary Gaza kömek berer

Arap ýurtlary Gaza kömek bermek meselesinde karar kabul etdi.
Müsüriň paýtagty Kairde jemlenşen Arap Ligasynyň maslahatynda Gaza ynsanper kömeginiň berilmegi hakynda karar kabul edildi
Saud Arabystany palestinalylara 53 million dollarlyk, Kuweýt bolsa 10 million dollarlyk ynsanperwer kömegini berendigini aýan etdi.
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Şazada Abdulaziz ýurdunyň Palestinanyň halkyna 53 million dollarlyk ynsanperwer kömegini berendigini aýtdy.
Kuweýdiň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Sabah hem ýurdunyň Palestinanyň saglygy goraýyş pudagyna goldaw bermek üçin 10 million dollarlyk pul kömegini berendigini ýatlatdy.
Beýleki tarapdan Gazadan soň Liwandan we Müsürden hem Ysraýyla roketa hüjümleri guraldy.
Müsürden atylan roketa Ysraýylyň port şaheri Elýatda 4 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar