Normandiýa hüjümi dabara bilen hatyralanýar

Dünýäniň iň giňgerimli amfibiýa we harby howa operasiýasy bolan Normandiýa hüjüminiň 70-nji ýyly dabara bilen bellenilip geçilýär

84409
Normandiýa hüjümi dabara bilen hatyralanýar

İkinji Jahan urşunyň esasy öwrülşik nokatlaryndan biri bolan Hyzmatdaş güýçlerinin faşistik basybalyjylaryna garşy başladan Normandiýa hüjümini hatyralama dabaralary geçirilýär.
Taryhyň iň esasy operasiýalaryndan biri bolan hüjümi hatyralama dabaralary iňlis paraşutçylar toparynyň Fransiýanyň halas edilen ilkinji şäheri bolan Ranwillä simwoliki gonuşy bilen başlady.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olandyň ýolbaşçylyk etmegindäki dabaralar 18 ýurduň döwlet we hökümet liderlerini Fransiýada jemledi.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen birlikde 18 ýurduň döwlet ýolbaşçylary bilen Britaniýanyň Şasy Ýelizabeta, Ukrainanyň täze Prezidenti Petr Poroşenko hem Normandiýa barar.
Dabaralara henizem ýaşaýan 1800 esger çagyryldy.
Liderleri we dabara gatnaşanlary goramak üçin 12 müň polis, ýangyn söndüriji we esger, 1300 lukman we 300 meýletin iş alyp barýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar