Palestinada milli jebislik hökümeti guruldy

Palestinada Hamas bilen Al Fetih guramalarynyň arasynda gazanylan ylalaşykdan soň milli jebislik hökümeti guruldy

81311
Palestinada milli jebislik hökümeti guruldy

Taze hökümetiň Ministrler Kabinetiniň agzalary Ramallah şäherinde Prezident Mahmud Abbasyň gatnaşmagynda geçirlen dabarada kasam edip wezipelerine başlady.
Premýer ministr Rami Elhamdulillahyň ýolbaşçylyk etmegindäki täze hökümet teknokratlardan ybarat.
Ministrler 6 aýyň içinde geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlar üçin taýarlyk görer.
Jebislik hökümetine garşy çykan Ysraýyl bolsa Hamas tarapyndan teklip edilen 3 ministriň Ramallaha geçmeklerine rugsat bermejekdigini aýan etdi.
Ysraýyl jebislik hökümetine garşy täze sanskiýa kararlaryny kabul etdi.
Ysraýyl gümrük salgytlaryndan alynan girdejiden Palestinanyň hökümetine aýda 115 million dollaryň berilmegini saklar.
Ysraýyl parahatçylyk gepleşikleriniň hem saklanjakdygyny aýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar