Ukrainada halk ýurduň 5-nji prezidentini saýlamak üçin ses berýä

Saýlaw Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çekeleşigiň ortasynda galan ýurduň geljegi taýdan möhüm ähmiýete eýe

72939
Ukrainada halk ýurduň 5-nji prezidentini saýlamak üçin ses berýä

36 milliona golaý saýlawçy 21 dalaşgäriň bäsleşýän saýlawy üçin ses berer.

Dalaşgärleriň arasynda iň güýçlüsi “Şokolad şasy” atlandyrylýan işewür adamy, Milli howpsyzlyk we gyranyş geňeşiniň ozalky başlygy Ptotr Poroşenko hasaplanylýar.

Krymy özüne birikdirmegi sebäpli Russiýa berk çäre görülmegini isleýän Poroşenko, ýurduň ähli welaýatlaryndan güýçli goldaw tapýar.

Onuň iň güýçli bäsdeşi bolsa “Mämişi şa aýal” atlandyrylýan ozalky Premýer ministr Ýuliýa Timoşenko.

Saýlawda birinji tapgyrda üstün çykmak üçin berilen sesleriň ýarysy alynmaly.

Eger şeýle bolman halatynda iň köp ses alan iki dalaşgär 15-nji iýundaky ikinji tapgyrda bäsleşer.

Ukrainanyň 42 million ilatynyň 17 göterimine golaýy ruslardan ybarat.

Russiýa özi üçin strategik ähmiýete eýe bolan Krymy özüne birikdiripdi we Ukrainanyň ruslaryň ýaşaýan käbir welaýatlary bir taraply garaşsyzlyklaryny yglan etmäge başlapdy.

Şol welaýatlarda köp sanly döwlet binasy Russiýanyň tarapynda durýan ýaragly aýralykçylaryň gözegçiliginde


Etiketkalar:

Degişli Habarlar