Kipre taryhy sapar…

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdyn resmi sapar bilen Kipre bardy

70834
Kipre taryhy sapar…

Baýdynyň sapary 52 ýyl soň ABŞ-dan ada guralan iň ýokary derejeli sapar boldy.
Baýdyn Kipriň grek dolanşygyndaky Larnaka howa menzilinde beren beýanatynda, jübüsinde taýar meýilnamasynyň ýokdugyny, çözgüt etabyna goldaw bermek üçin gelendigini aýtdy.
Baýdyn Gündogar Ortaýer deňzinde güýçli pozisiýa eýe bolan adada hemişelik çözgüdiň tapylmagynyň möhümdigini nygtady.
Uzak ýyllardan bäri dowam edýän bölünşigiň ortadan aýrylmagy üçin häzirki wagtda gowy şertleriň bardygyny bellän Jo Baýdyn, fewral aýyndan bäri edilen metijeli başlangyçlaryň özünde umyt döredendigini nygtady.
400 adamdan ybarat bolan wekiliýet bilen gelen Jo Baýdyn resmi duşuşyklaryna şu gün başlaýar.
Prezident Derwiş Erogly we Grek dolanşygynyň lideri Nikos Anastadiadis bilen duşuşjak Jo Baýdyn Kipriň grek we türk tarapynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de dini ýolbaşçylary bilen görüşer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar