Siriýa gün tertibindäki ýerini gorap saklaýar

“Siriýa geçiriljek prezident saýlawyny red ediň” çagyryşy berildi

68705
Siriýa gün tertibindäki ýerini gorap saklaýar

Britaniýada geçirlen Siriýanyň halkynyň dostlary toparynyň maslahatyna Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly gatnaşdy.

Maslahatda Siriýadaky oppozisionerlere goldaw berilmegi hakynda karar kabul edildi we halkara jemgyýetçiligine “Siriýa geçiriljek prezident saýlawyny red ediň” çagyryşy berildi.

Londonda geçirlen maslahata Türkiýe bilen birlikde 11 ýurduň daşary işler ministri gatnaşdy.

Maslahatda Siriýada geçiriljek prezident saýlawy, Siriýanyň hökümetiniň himiki ýaraglaryny tabşyrmagy, oppozisionerlere goldaw berilmegi we ynsanperwer kömegi ýaly meselelere garaldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Siriýanyň hökümetiniň oppozisionerlere garşy hlor gazyny ulanandygy bilen baglanşykly subutnamalaryň bardygyny aýtdy.

Kerri oppozisionerlere berilýän kömekleriň artdyrylmagy meselesinde maslahata gatnaşyjylaryň şol bir garaýşa eýedigini belledi we Siriýada 3-nji iýunda geçiriljek prezident saýlawlary hakynda “Bu göz boýamak, dünýä garşy çykmak manysyny aňladýar” diýdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Heýg hem “gan döküşikli hüjümler dowam edýärkä geçiriljek saýlaw adalatly bolmaz”diýip belledi.

Daşary işler ministri Dawutogly maslahatdan soň Somadaky magdan pajygasynda ýogalanlar üçin Türkiýäniň Londondaky ilçihanasynda geçirlen hatyralama çäresine gatnaşdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar