Ukraina degişli dik uçar urlup düşürildi

Slowýansk şäheriniň golaýynda Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine degişli dik uçar urlup düşürildi

62938
Ukraina degişli dik uçar urlup düşürildi

Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Russiýanyň tarapdarlarynyň gözegçiligi astyndaky Slowýansk şäheriniň golaýynda Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine degişli dik uçar urlup düşürildi.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanatda Mi-24 kysymly dik uçaryň urlup düşürlendigi we dik uçaryň derýa gaçandygy nygtaldy.

Uçarmanlaryň hüjümden sag aman halas bolandygy bellenildi emma saglyk ýagdaýy hakynda hiç hili maglumat berilmedi.

Geçen hepdelerde hem azyndan 3 dikuçar Russiýanyň tarapdary ýaragly topar tarapyndan urlup düşürlipdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar