Putin Ukraina krizisiniň jogapkäri hökmünde ABŞ-ny görkezdi

“ABŞ-nyň alyp barýan tutumy ýüze çykan krizisi başyndan bäri olaryň gönükdirýändigini görkezýär”

61984
Putin Ukraina krizisiniň jogapkäri hökmünde ABŞ-ny görkezdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ukraina krizisiniň jogapkäri hökmünde ABŞ-ny görkezdi.

Wladimir Putin “ABŞ-nyň alyp barýan tutumy ýüze çykan krizisi başyndan bäri olaryň gönükdirýändigini görkezýär”diýdi.

Putin Ukraianyň halkynyň esasy böleginiň Günbatarly ýurtlaryň alyp barýan hereketlerine garşydygyny nygtady.

Beýleki tarapdan Ukrainada Russiýanyň tarapdarlary basyp alyşlyklaryny dowam etdirýär.

Russiýanyň tarapdarlary Gorlowka häkimliginiň jaýy bilen polis merkezini basyp aldy.

30 adamlyk ýaragly we maskaly topar ertiriň irki sagatlarynda Gorlowka häkimliginiň jaýyny basyp aldy.

Şäherlerde soňky birnäçe günde köp sanly döwlet binasy Russiýanyň tarapdarlary tarapyndan basylyp alyndy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar