Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1697537
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Monde: Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýeti Fransiýada Ýangyn söndürijileriň koronawirus sanjym mejburylygynyň aýrylmagy baradaky talaby kabul etmedi. 

Le Figaro: Fransiýada Prezident saýlawy bilen bagly geçirilen deslapky sowalnama görä, Marin Le Pen we Emmanuel Makron öňde barýarlar. 

France 24: Futbol: Pari Sen-Žermen futbol komandasynyň sport direktory Leonardo Arauho, Kilian Mbappe üçin Real Madride ýok diýdi, emma çykmak isleýän bolsa özüni saklamajakdygyny beýan etdi. 

Aljazeera: Millionlarça owgan açlygyň bosagasynda. Bütindünýä Azyk guramasy duýduryş berýän bolsa, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bolsa ýurtdaky koronawirus epidemiýa howpyny ara alyp maslahatlaşýar. 

Aldustour: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy: "Koronawirus epidemiýasynyň ýaýramak tizligi durnuklaşmaga başlady" diýip habar berdi. 

Alraýa: Katar, Owganystandaky diplomatik tagallalaryny çaltlandyrýar. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes we Ispaniýanyň Demirgazyk Afrikadaky Seuta awtonom şäheriniň başlygy Huan Hose Wiwas geçiren maslahatlaryndan soň, Seuta şäherine gelen marokkoly çagalaryň yzyna ugradylmagy üçin mümkin bolan iň tiz wagtda herekede geçilmegi barada karara geldiler. 

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýada täze okuw ýylynda okuwçylaryň derslere bolan gatnaşygynyň maksimum derejede bolmagy we hatarlaryň arasyndaky uzaklygyň azaldylmagy üpjün ediler. 

TeleSur (Wenesuela): Kubadan täze saglygy goraýyş topary ýer titremäniň ýaramaz täsir ýetiren sebitlerinde saglyk hyzmatlaryny bermek maksady bilen Gaiti döwletine bardy. 

Der Spiegel: Germaniýanyň mejlisi Owganystan bilen bagly kanun taslamasyny tassyklady. 

FAZ: Germaniýadaky musulmanlar demokratiýadan artykmajy bilen hoşal. 

Deutsche Welle: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Owganystandaky bähbitlerini goramak üçin Taliban bilen dialogyň dowam etdirilmeginiň gerekdigini belledi. 

TASS agentligi: Rus alymlaryň aýtmagyna görä, Kamçatka ýarymadasyndaky Şiweluç wulkany hereketlenýär. 

TASS agentligi: Roskosmos gullugynyň başlygy Dmitriý Rogozin, 5-nji oktýabrda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän Soýuz MS-19 uçuryş dabarasyna Ilon Masky, Riçard Brensony we Džeff Bezosy çagyrjakdygyny mälim etdi. 

RBK: Owganystana ewakuasiýa maksatly ugradylan 4 rus harby uçar Podmoskowýe howa menziline gondy. 


Etiketkalar: #dünýä , #metbugat , #habar

Degişli Habarlar