Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1689283
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Kuds al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): Alžirde ýüze çykan ýangynda 25-si esger bolmak bilen jemi 42 adam ýogaldy. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Fransiýanyň Pari Sen-Žermen futbol topary ägirt uly taslamasyna Argentinanyň milli futbolçysy Lionel Messini goşdy. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Katardan ugradylan gözleg we halas ediş topary Gresiýadaky tokaý ýangynlarynyň başdan geçirilýän sebitinde işe girişdi. 

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada koronawirus: Sanjym etdirmedik raýatlara testler, 11-nji oktýabrdan soň mugt bolmaz. 

Deutsche Welle: Germaniýada ilatyň ýaş bölegi iň pes derejesinde. 

El Mundo: Ispaniýada şu aý sanjym 70 göterime ýeter: 9 günde 5 million doza 2-nji sanjymyň edilmegi maksat edinilýär. 

El Pais: Ispaniýada alymlaryň gazylyp alynýan ýangyçlar babatyndaky duýduryşlary indi syýasy söweşe öwrüldi, öňümizdäki günlerde klimat çalşygyna garşy has berk çäreleriň görülmegine garaşylýar. 

El Nasional: ABŞ resminamalary bolmadyk bosgunlary Meksikanyň içine tarap göçürýär. 

Le Figaro: Kowid-19: Soňky 24 sagatda Fransiýanyň hassahanalarynda 28 müň 576 adam hasaba alyndy we 68 adam ýogaldy. 

Le Matin (Şweýsariýa): Pari Sen-Žermen futbol toparynda Lionel Messi 30 belgeli forma geýer. 

France 24: Jynsy taýdan zorluk etmek bilen günäkärlenýän we wezipesinden çetleşdirilmek howpyna sezewar galan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Endrýu Kuomo wezipesinden çekildi.

TASS Agentligi: Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Owganystanyň Özbegistan we Täjigistan bilen bolan serhetleriniň gözegçiliginiň Talibana geçendigini habar berdi. 

İnterfaks Agentligi: Russiýanyň Gamaleýa Epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-derňew instituty, Sputnik V sanjymynyň hassahanalara ýatyş howpyny 20 esse azaldandygyny mälim etdi. 

Regnum Agentligi: Russiýadaky banklar prosent stawkalaryny pandemiýadan ozalky derejesine ýetirdi. 


Etiketkalar: #dünýä , #agentlik , #habar

Degişli Habarlar