Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1685931
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Zeman (Yrak): Türkiýe owganlaryň 3-nji bir ýurda ýerleşdirilmegi bilen bagly Amerikan taslamasyny tankyt etdi. 

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Türkiýe 33 aýry şäherde ýüze çykan 167 ýangyny söndürmegiň hötdesinden geldi. 

Al-Watan (Oman): Gresiýada koronawirus sanjymyny etdirmegi ret eden mugallymlaryň aýlyk-günlükleri azaldylar. 

Le Monde: Meksika, amerikaly ýarag öndürijilerine garşy ilkinji gezek hukuk taýdan göreş başlatdy. 

Le Figaro: ABŞ, serhetlerini koronawirus sanjymyny etdiren syýahatçylar üçin açmagy göz öňünde tutýar. 

France 24: Fransiýa döwletine howanyň hapalygy sebäpli 10 million ýewrolyk rekord derejede pul jezasy berildi. 

Deutsche Welle: Germaniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýurgen Şuls, ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy artdyrmak isleýändikleirni belläp: "Türkiýe ÝB-niň hiç hili hyzmatdaşy däl. Aýratyn bir ýurtdyr" diýip belledi. 

deutschlandfunk.de: Türkiýede, Gresiýada we Italiýada aşa yssy howa we tokaý ýangynlary dowam edýär. 

Spiegel.de: ABŞ-nyň Türkiýe ýaly 3-nji ýurtlara baran we kesgitlenen şertleri berjaý eden owganlary kabul etjekdigi baradaky beýanatyna resmi Ankara reaksiýa bildirdi. 

El Pais (Ispaniýa): Ýangynlar aşa yssy howa sebäpli Gündogar Ortaýer deňizini ýuwudyp barýar. 

La Jornada (Meksika): Wenesuelanyň hökümedi bilen oppozisiýanyň arasyndaky gepleşikler şu aý Meksikada geçiriler. 

Klarin (Argentina): Argentinanyň hökümeti kombinirlenen sanjymy tassyklady. Spunik V sanjymyndan soň 2-nji doza hökmünde Moderna ýa-da AstraZeneca kärhanasynyň sanjymy edilip biliner. 

Wedomosti: Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ, Irlandiýa, Norwegiýa, Estoniýa we Albaniýa ýaly 7 ýurt Russiýa Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny kabul etmek baradaky kararyndan ýüze öwrümek barada çagyryş berdi. 

RIA Nowosti: Russiýada halka her 6 aýda bir gezek koronawirusa garşy sanjym etdirmekleri barada çagyryş berildi. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar