Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1685413
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur (Iordaniýa): Iordaniýanyň Şasy II Abdullah Saud Arabystanynyň özlerine beren goldawyny takdyr edýändiklerini belledi. 

Al-Kuds al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): Aralarynda Alžir döwleti hem bolan käbir Afrika ýurtlary, Ysraýylyň Afrika Bileleşigine synçy ýurt hökmünde kabul edilmegine resmi ýagdaýda nägilelik bildirdiler. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýä ýangyna garşy göreşde goldaw beren Katara we beýleki ýurtlara minnetdarlyk bildirdi. 

BR24.de: Ýewropa Bileleşigi Türkiýäniň tokaý ýangynlaryna garşy göreşine goldaw berýär. 

Tagesschau.de: Germaniýada Ýaşyllar partiýasy, federal saýlawdan soň hökümetde galan halatynda "Daşky gurşawy goramak ministrligini" döretmek isleýär. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Germaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi, mugt koronawirus testleriniň oktýabr aýynyň ortasynda bes edilmegini teklip etdi. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýa koronawirus epidmeiýasyna garamazdan 19,59 million Sosial howpsuzlyk agzasy bilen iýul aýynda rekord goýdy.  

El Periodiko (Ispaniýa): Kataloniýa çarşenbe gününden başlap 12-15 ýaş aralygyndaky çagalar topary üçin Kowid-19 sanjymyny başladar. 

EFE agentligi (Ispaniýa): ABŞ-nyň Senady, 11-nji iýulda bolan protestlerden soň Kubadaky basyşy ýazgaran karary sesleriň köplügi bilen kabul etdi we ýurdyň halkyna raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi. 

Le Figaro: Kowid-19: Korsikada syrkawlara ýetişmek maksady bilen hassahanalaryň mümkinçilikleri artdyryldy. 

Le Monde: Kowid-19: Gwadelupa adasynda ýagdaý elhenç, azyndan 3 hepdelik möhlet bilen dolulygyna ýapylmak barada karara gelindi. 

RT: Amerikanyň National Interest žurnaly, Russiýanyň "Demirgazyk Akym 2" taslamasy tamam bolanyndan soň Ukrainany jezalandyrjakdygyny beýan etdi. Ukrainanyň üstünden geçirilýän gaz tranzidi çäklendiriler, ÝB-niň bähbitlerine zyýan ýetmejekdigi üçin olar hem Russiýa-Ukraina arasynda araçy roly oýnamak babatynda islegsiz bolarlar. 

Lenta.ru: Russiýanyň Rospotrebnadzor gullugynyň başlygy Anna Popowa, Russiýada Kowid-19 bilen bagly ýagdaýyň tankydydygyny belledi. Iýul aýynyň soňky 3 hepdesinde wirusa ýolugan adamlaryň 70 göteriminde koronawirusyň Delta görnüşi hasaba alyndy. 

Izwestiýa: Rus karate söweşijisi Anna Çernyşowa koronawirus testi položitel çykanlygy sebäpli Tokio Olimpiýa oýunlarynyň çägindäki ýaryşlara gatnaşyp bilmez. 



Degişli Habarlar