Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişderinde uly seslenme döredýär

1673774
Daşary ýurt metbugatyna syn

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada Kowid-19-a ýoluganlaryň sany ýaňadandan artmaga başlady. Hünärmenler koronawirusyň 4-nji tolkunynyň başdan geçirilmegine alada bildirýärler. 

Deutsche Welle: ABŞ-nyň günbatary aşa yssy howanyň täsiri astynda. Takmynan 10 gün ozal Kanadada we ABŞ-nyň käbir ýerlerinde täsirli bolmaga başlan aşa yssy howa tolkuny, bu gezek bolsa indi ABŞ-nyň günbatar ştatlarynda 54 gradusa çenli baryp ýetdi. 

Bild.de: Wembleý stadionynda dramatiki final duşuşygy: Angliýa bilen Italiýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçen final duşuşygyndan soň, iňlis janköýerler gözýaşlaryny saklap bilmedik bolan bolsalar, italiýan janköýerler ýeňişe şatlandylar. 

Al-Watan (Katar): Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy: "Koronawirus pandemiýasyny ýeňmegiň ýeke-täk ýoly, sanjymlaryň adalatly ýagdaýda bütin dünýä paýlanmagydyr" diýip belledi. 

Al-Zeman (Yrak): Koronawirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagyna garamazdan Yrakda Gurban baýramy günlerinde köçä çykmak gadagançylygy girizilmez. 

Al-Watan (Oman): Müsür, ýurdyň ozalky Döwlet baştutany Enwer Sedatyň 9-njy iýulda aradan çykan aýaly Jihan Sedaty harby çäre bilen jaýlaýar. 

Lenta.ru: Germaniýa üçin alternatiwa partiýasynyň egindeş baştutany Tino Çrupalla, Germaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykyp, Russiýanyň bir bölegi boljak täze bir Ýewropa meýdanynyň ýola goýulmagynyň gerekdigini pikir edýär. 

TASS: Moldowada düýn geçirilen Prezident saýlawynda deslapky görkezijilere görä ýurdyň häzirki Döwlet baştutany Maia Sandunyň ýolbaşçylygyndaky "Hereket we raýdaşlyk partiýasy" sesleriň 48 göterimini alyp, öňde barýar. 

Izwestiýa: "Demirgazyk Akym-2" taslamasynyň ylmy-derňew bölüminiň başlygy Mattias Warnig, ABŞ-ny "Demirgazyk Akym-2" taslamasy bilen bagly ozal gazanylan ylalaşygy berjaý etmezlik bilen günäkärledi. 

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes, hökümeti ýaňadandan düzeninden soň PSOE partiýasyna giň gerimli üýtgeşmeler girizmegi meýilleşdirýär. 

Infobae (Argentina): Kubanyň hökümeti protestleriň öňüni almak üçin adanyň tapawutly sebitlerinde internedi ýapdy we elektrik toklaryny kesdi. 

Prensa Latina (Kuba): Kubanyň Kowid-19 sanjymy bilen bagly Soberana-Pediatría klinikasynda geçirilýän synaglar dowam edýär. 

Le Matin (Şweýsariýa): Koronawirus sanjymyny etdirmegi ret edenler, dünýäniň ençeme ýerinde aýlyk-günlüklerinden ýa-da öýjükli telefonlaryndan mahrum galýarlar. 

Le Monde: EURO 2020 Futbol çempionatynda, iňlisler bilen oýnan italiýanlar netijeli oýnap, ýeňiş gazandylar. 

Liberation: Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministri Oliwer Weran, Kowid-19 epidemiýasynda 4-nji tolkuna meňzeş wakanyň başdan geçirilýändigi barada duýduryş berdi. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar