Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1668554
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Prezident Erdogan: "Zenanlara edilýän zorluga garşy ozal nähili göreş alyp baran bolsak şu günem, ertirem şolar ýaly göreş alyp bararys" diýip belledi. 

rp-online.de: Nemesler demokratiýanyň ýagdaýyndan hoşal däl. 

Handelsblatt.de: BMG-nyň habarnamasy: "Syýahatçylyk pudagy iň ir 2023-nji ýylda dikeler" diýip mälim edildi. 

Le Soir: Belgiýanyň Premýer ministri Aleksandr De Kroo, eýýäm ençeme ýyl bäri gaçgak däl, eýsem kanuny status boýunça ýaşaýyş rugsatnamasynyň berilmegi talaby bilen açlyk yglan eden takmynan 400 adama aksiýalaryny bes etmekleri barada çagyryş berdi. 

Le Monde: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron "Elle" žurnalyna beren beýanatynda: "Jemgyýetiň ýuwaş-ýuwaş radikallaşýandygyny görýärin" diýip aladasyny belläp geçdi. 

France 24: Fransiýanyň Adalat ministri Erik Dýupon Morettiniň nyşana alynyp geçirilýän bikanun ýagdaýda bähbit görmek bilen bagly derňew işiniň çäginde Adalat ministrliginde gözleg işleri geçirildi. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada ýaşlaryň arasyndaky koronawirusyň ýaýramak derejesi her 100 müň adamda 134 adam hökmünde aýan edildi. 

El Uniwersal (Meksika): Kanadada we ABŞ-da rekord derejedäki yssy howa sebäpli ýogalanlaryň sany 480 adama ýetdi. 

La Tersera (Çili): Stiwen Hokingiň aýdanlary dogry çykdy. Gara deşikleriň gözýetimi asla kiçelmeýär. 

Alkudus alarabi: Yragyň Premýer ministri Mustafa Al Kazymi, Yrak döwletini sebitleýin we halkara çaknyşyklar üçin bir söweş meýdana öwrülmezlik barada çagyryş berdi. 

Aljazeera: Aksiýalaryň artmagy sebäpli NATO harby güýçlerini Owganystandan çeksede ünsleriniň Owganystanda boljakdygyny habar berdi. 

Alraýa: Katar we BMG Palestinanyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. 

RBK: Russiýanyň raýatlarynyň ýarsyndan gowragy koronawirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli ýaňadandan çäklendirmeleriň ýola goýulmagyna garşy durýarlar. 

RIA Nowosti: Russiýada eksport üçin ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň önümçilgine başlanar. 

TASS: Russiýanyň Nižniý-Nowgorod sebitinde gaz sebäpli bolan partlamanyň netijesinde 3 adam ýaralandy. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar