Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1667991
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur (Iordaniýa): Ysraýylly esgerler tarapyndan Günbatar Şeriada palestınalylara garşy göz tussaglyklar dowam edýärkä, Jenin şäherinde ysraýylly esgerler bilen palestinalylaryň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany- Beýik Britaniýa): Jöhit ýaşaýjylaryň Palestinanyň toparklarynyň çäginde ýerleşýän Asira al-Kabliýa obasyna hüjüm guramagyndan soň başdan geçirilen wakalarda ysraýylly esgerleriň od açmagy netijesinde 1 palestinaly şehit boldy. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Türkiýe Katardan sanjym edilendigini subut edýän resminama bilen gelenleri karantina salman ýa-da PCR testi etmän kabul edýär. 

Bild.de: Türkiýede koronawirusa garşy 3-nji doza sanjym edilmäge başlandy. Iki doza sanjym etdiren 50 ýaşdan ýokary bolan adamlar we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri 3-nji doza sanjym etdirip bilýärler. 

Deutsche Welle: Tour de France tapgyrynda onlarça welosipedçiniň heläkçilige uçramagyna sebäp bolan tomaşaçy göz tussaglygyna alyndy. 

Handelsblatt: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, uniwersitediň professoryny Berline ilçi edip belledi. Şeýlelik bilen Emi Gutman Waşington tarapyndan Germaniýa bellenen ilkinji zenan ilçi boldy. 

El País (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes: "Öz ykbalyny kesgitlemek bilen bagly referendum geçirilmez. Mundan beýläk hiç wagt geçirilmez" diýip habar berdi. 

El Mundo (Ispaniýa): Hünärmenler sanjym edilmegine garamazdan, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň örtük mejburylygyny goldaýar. 

Infobae (Argentina): Pan Amerikan Saglygy goraýyş guramasy, Latyn Amerikada we Karip adalarynda ilatyň diňe 10 göterimine Kowid-19 sanjymynyň edilmeginiň kabul edilip bilinmejekdigini beýan etdi. 

France 24: Fransiýada syýahatçylar üçin Kowid-19 testler 7-nji iýuldan başlap tölegli bolar. 

Le Soir (Belgiýa): Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky syýahatlarda ulanyljak sanjym karty gollanmasy dolanşyga girdi. 

Le Matin (Şweýsariýa): Germaniýanyň CureVac sanjymynyň täsirliligi 48 göterim hökmünde aýan edildi. 

RIA Nowosti: Sankt-Peterburg Politehniki döwlet uniwersitediniň alymlary Moskwada koronawirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň sentýabr aýynda rekord derejä ýetip biljekdigini habar berdiler. 

Izwestiýa: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň milli howpsuzlykdan jogapkär kömekçisi Jeýk Salliwan we Germaniýanyň Goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbaueriň arasynda geçen duşuşykda iki ýurt üçin hem esasy meseleler bolan Russiýanyň we Hytaýyň üstünde durulyp geçildi. 

Kommersant: NATO-nyň Baş sekretarynyň Günorta Kawkaz we Orta Aziýadan jogapkär metbugat sekretary Jeýms Appaturaý Beýik Britaniýa degişli esmines gämisine Russiýa tarapyndan od açylmagyna garamazdan NATO-nyň Gara deňizdäki barlygyny dowam etdirjekdigini habar berdi. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar