Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1667260
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Dustur (Iordaniýa): Ýewropa Bileleşigine sygynmak talaby 2020-nji ýylda 32 göterim azaldy.

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): Pakistanyň BMG-daky missiýasy, Al-Kudus al-Arabi kanalyna beren beýanatynda, pakistanly bir resminiň geçen ýylyň noýabr aýynda Ysraýyla gizlin ýagdaýda sapar gurandygy baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny habar berdi. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Ysraýyl Iýerusalimde ýumurmak operasiýalaryny dowam etdirýär.

Deutsche Welle: Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynda duýuljak derejede hereketlilik başdan geçirilýär. Iýul aýynda nemes we iňlis syýahatçylaryň akymyna garaşylýar. 

zeit.de: Germaniýa göçenleriň sany 2020-nji ýylda 2019-njy ýyla garanyňda 24 göterimlik azalyş hasaba alyndy. 

welt.de: Irlandiýa 5-nji iýul üçin göz öňüne tutan kadalaşmak tapgyryny koronawirusyň delta görnüşi sebäpli yza süýşürýär. 

Le Monde: Fransiýanyň Senady terrora garşy göreşini we razwedkasyny güýçlendirýän kanun taslamasyny tassyklady. 

Le Figaro: 2023-nji ýyldan başlap Fransiýa ýaňadandan Parasetamol dermanyny öndürmäge başlar. 

Le Parisien: Saglyk: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ylmy-derňew we innowasiýa bilen bagly birnäçe milliard ýewrolyk meýilnamany aýan etdi. 

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes we Kataloniýanyň lideri Pere Aragones dialog babatynda ylalaşyk gazandylar. Sentýabr aýynda Barselona şäherinde gepleşikler tapgyryny ýaňadandan ýola goýmagy kabul etdiler. 

Infobae (Argentina): Moderna laboratoriýasynyň esaslandyryjysy: "Koronawirus Uhan şäherindäki laboratoriýadan çykdy" diýip habar berdi. 

Prensa Latina (Kuba): Kuba ABŞ bilen bosgun gepleşikleriniň ýaňadandan başlanmagyna garaşýar. 

RBK: Gwatemalanyň hökümedi, Sputnik V sanjymy üçin tölän awansy üpjünçiligiň gijä galynmagy sebäpli Russiýadan yzyna bermegini isledi. 

BFM.ru: Russiýanyň uçarlary Gara deňizde Krym ýarymadasynyň golaýyndaky Kerç bogazyna golaýlaşan Gollandiýanyň "Ewertsen" gämisini sebitden uzaklaşdyrdy. 

TASS: "Soýuz" raketasy "Progress MS-17" ýük gämisi bilen birlikde Gazagystandaky Baýkonur bazasyndan Halkara emeli hemra desgasyna uçuryldy. 


Etiketkalar: #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar